1998-nji ýylyň 25-nji iýunynda Orhus şäherinde (Daniýa) Ýewropa ýurtlarynyň daşky gurşaw ministrleriniň 4-nji konferensiýasynda “Ýewropa üçin daşky gurşaw” prosesiniň çäginde 38 ýurt “Maglumatlara elýeterli bolmak, kararlary kabul etmek işine jemgyýetçiligiň gatnaşmagy hem-de daşky gurşawa dahylly meseleler boýunça adyl kazyýetligiň elýeter bolmagy baradaky” konwensiýa gol çekdi. Türkmenistan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Orhus konwensiýasy diýlip atlandyrylýan konwensiýasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň 1999-njy ýylyň 30-njy aprelindäki №364-I kararyň esasynda goşuldy.
“Tebigy kuwwat” – jemgyýetçilik birleşigi kärhanasynyň (JBK) ýanyndaky Orhus merkeziniň işi 2012-nji ýylyň awgust aýynda, Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň (häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi) we “Tebigy kuwwat” JBK-nyň arasynda Orhus konwensiýasynyň kadalaryny Türkmenistanda bilelikde ýerine ýetirmek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama baglaşylandan başlaýar.Ähtnamanyň çäginde, 2012-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň goldawy bilen “Tebigy kuwwat” kärhanasy “Türkmenistanyň Orhus Merkeziniň” taslamasyny durmuşa geçirdi.
Orhus merkeziniň esasy maksady, Orhus konwensiýasynyň kadalary Türkmenistanda durmuşa geçirilmegini öňe sürmek, konwensiýanyň esasy sütünleri üçin aşakdaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegine ýetmek:
1. Maglumatyň elýeterliligi
maglumat materiallaryny öndürmek we ýaýratmak
Maglumat bazalarynyň ösüşi: web saýtlary, kitaphanalar, platformalar, diskussiýa meýdançalary, şol sanda wirtual görnüşde
Raýdaşlyk jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda seminarlar, iş ýygnaklary geçirmek
2. Kararlary kabul etmek işine jemgyýetçiligiň gatnaşmagy
Jemgyýetçilik guramalary bilen aragatnaşyk gurmak
Daşky gurşawy goramak (DGG) meseleleri boýunça maslahatlar geçirmek
DGG çärelerine jemgyýeti çekmek
3. Daşky gurşawa dahylly meseleler boýunça adyl kazyýetligiň elýeter bolmagy
Raýdaşlyk jemgyýeti üçin ekologiýa pudagyndaky hukuk meseleleri boýunça konsultasiýalar geçirmek.
Orhus konwensiýasynyň kadalary Türkmenistanda ulanylmagy, ekologiýa meseleleri boýunça adalata elýeterlilik hukugy, Türkmenistanyň DGG ugrundaky kanunlar, halkara tebigaty goramak konwensiýalary, Türkmenistanyň şertnamalary we ş.m. boýunça gollanmalary, ýygyndylary, okuw kitaplary, sözlükleri we ş.m. işläp düzmek we neşir etmek.