
2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Merkezi Aziýa sebitleýin ekologiýa merkeziniň (CAREC) baş edarasynda Dolandyryjylar geňeşiniň (DG) we Jemgyýetçilik konsultatiw geňeşiniň (JKG) agzalarynyň açyk ýygnagy gibrid görnüşde geçirildi. Türkmenistanyň Orhus merkeziniň we «Tebigy Kuwwat» jemgyýetçilik birleşiginiň kärhanasynyň (JBK) wekilleri Berkeli Ataýew we Teýmur Alyýew gatnaşdylar. Duşuşykda JKG-iň Reglamentinyň / Düzgünnamanyň taslamasy hödürlendi we Şweýsariýanyň Ösüş we Hyzmatdaşlyk Guramasy (SDC) tarapyndan maliýeleşdirilýän CAREC-iň institusional ösüşi baradaky taslamanyň netijeleri diňlenildi. CAREC-iň işini gowulandyrmak we CAREC-ni has durnukly edýän täze halkara başlangyçlaryň / taslamalaryň HUB hökmünde öňe sürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.






Şol ýerde günortan CAREC DG-iň 58-nji ýygnagy geçirildi, şol ýerde ilkibaşdan Türkmenistanyň jemgyýetçiliginden Berkeli Ataýewi DG-ä dalaşgär hökmünde hödürlemek meselesine garadylar. Bir agyzdan kabul edilen karar bilen B.Ataýewiň dalaşgärligini goldadylar we ýakyn wagtda Dolandyryjylar geňeşi tarapyndan tassyklanar.
Şeýle hem, DG-niň käbir agzalarynyň agzalygyny ikinji möhlete uzaltmak we DG-niň beýleki agzalarynyň ikinji möhletiniň gutarmagy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. DG-da missiýasyny tamamlanlara CAREC-iň ösüşine goşan goşandy üçin minnetdarlyk şahadatnamalary gowşuryldy.
Duşuşygyň jemleýji bölüminde CAREC-iň ýerine ýetiriji müdirinden we onuň ýurt direktorlaryndan 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat eşidildi. Türkmenistandaky CAREC-iň Taslama Ofisiniň direktory Mergen Kepbanowyň çykyşy aýratyn ýatda galyjy boldy. Hususan-da, milli ofisi raýat jemgyýeti bilen aragatnaşyk ösdürmek üçin köp işler etdi.
Berkeli Ataýew.
Leave a Reply