Türkmenistanyň Tebigy gaz ylmy-barlag instituty häzirki zaman maglumat-seljeriş merkezini döredýär



2025-nji ýylyň 26-njy martda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan ýerine ýetirilýän «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: Ýewropa Bileleşigi (ÝB): 2024-2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasy tarapyndan, «Türkmengaz» döwlet konserniniň aşgabatdaky Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň binýadynda täze döredilen Maglumat-seljeriş merkeziniň häzirki zaman IT enjamlary bilen üpjün etmekde degişli işler geçirildi. Munuň özi, Türkmenistanyň ylmy barlaglary we seljermeleri geçirmek arkaly has durnukly we ekologiýa taýdan arassa geljegi nazarlamagynda möhüm ädimdir.

Maglumat-seljeriş merkezi öňdebaryjy okuw meýilnamalary, seminarlar we iň täze tehnologiýalary we usullary ornaşdyrmak arkaly «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň hünärmenleriniň hünär başarnyklaryny has-da ýokarlandyrmaga ýardam berer. Mundan başga-da, merkez LDAR (syzmalary ýüze çykarmak we bejermek) ýaly öňdebaryjy IT enjamlary we ölçeg enjamlary, dürli halkara emeli hemra çeşmelerinden alnan metanyň zyňyndylary baradaky maglumatlary ýygnamak, gaýtadan işlemek we tassyklamak babatda hünärmenleriň başarnyklaryny ýokarlandyrmakda möhüm orna eýe bolar. Bu toplumlaýyn çemeleşme, hünär endiklerini ýokarlandyrmaga we gaz pudagynda düýpli ylmy taslamalary öňe sürmäge kömek eder.

Çäre şu aşakdaky temalary öz içine aldy: 

  • Döwrebap IT enjamlaryny «Türkmengaz» döwlet konsernine gowşurmak.
  • Hünärmenleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ýewropanyň «ýaşyl» geçiş ulgamynda iň gowy ylmy tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Sitata:

«Tebigy gaz ulgamynyň ylmy institutlarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak zerurdyr. Şeýle hem bu ugurda ýewropanyň iň gowy tejribelerini öwrenmek we durmuşa geçirmek möhümdir» diýip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekili belläp geçdi.

«Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: Ýewropa Bileleşigi (ÝB): 2024-2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamanyň çäginde ýerine ýetirilýän bilelikdäki işler Türkmenistanyň ýaşyl energiýa geçişini goldamagy hem-de Ählumumy Metan Borçnamasynda gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmegi maksat edinýär. Maglumat-seljeriş merkeziniň döredilmegi tejribe derejesini ýokarlandyrmaga we tebigy gaz pudagynda öňdebaryjy ylmy taslamalary öňe sürmäge uly itergi bolar.


Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

«Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi» jemgyýetçilik guramasy



«Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi» jemgyýetçilik guramasy 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 24-ne Türkmenistanyň Adalat Ministrliginiň 0103 belgili Şahadatnamany alyp, Türkmenistan çäginde tebigy gurşawy gorap saklamaga jemgyýetçilik hereketini alyp barmak maksady bilen döredildi.

«Türkmenistanyň Tebigaty goramak hakynda» we «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» kanunlaryna hem-de «Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi» JG-nyň Tertipnamasyna laýyklykda fiziki we ýuridiki şahslary guramanyň agzalary bolup bilerler.

Guramanyň maksatlary we wezipeleri:

«Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi» JG-sy Türkmenistanyň tebigatyny we tebigy özboluşlylygyny gorap saklamagyň, daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň wajyplygyny köpçülige wagyz etmegi maksat edinýär. Maksatlaryna ýetmek üçin Gurama aşakdaky wezipeleri amala aşyrýar:

✔ raýatlara ekologiýanyň derwaýys meselelerini düşündirmek bilen olaryň ekologiýa aýawly çemeleşmeginiň derejesini ýokarlandyrmak;

✔ ekologiýanyň möhüm meselelerine ünsi çekip, raýatlaryň arasynda ekologiýa aýawly çemeleşmegiň medenýetini ösdürmek bilen bagly wagyz işlerini alyp barmak;

✔ ýaşlaryň we zenanlaryň arasynda ekologiýa gurşawyny goramaga höwesli meýletinçileriň hünär kämilligini ýokarlandyrmak;

✔ döwletiň daşky gurşawy goramakda alyp barýan syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde ýaş ekolog öwrenjileri we meýletinçileri çekmek;

✔ ekologiýany goramak boýunça dürli çäreleri geçirmek bilen ekologiýa taslamalarynyň düzülmegini we olaryň durmuşa geçirilmegini gazanmak;

✔ sanly ulgamy ulanmak arkaly ekologiýa babatynda maglumat goruny döretmek, onuň hemmeler üçin elýeter bolmagyny gazanmak, bu maglumatlary wagyz – ündew işlerinde peýdalanmak.

Guramanyň başlygy: Ýusupowa Gunça Saparowna. 


Habarlaşmak üçin:


📍 Salgysy: Aşgabat şäheri, Berkararlyk etraby, 1958 (Nurmuhammet Andalyp) köçesiniň 334-nji jaýy.  
📞: +99312 769167; +99363 376804.
📧 E-poçta: ekohereket2025@gmail.com

[ivory-search 404 "The search form 1355 does not exist"] [ivory-search 404 "The search form 1355 does not exist"]