Üns merkezinde: Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahatynda metan zyňyndylaryny azaltmak. 


Aşgabat, Türkmenistan – 2025-nji ýylyň 13-14-nji maýy. Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa konferensiýasy (CACCC-2025), COP29-da beýan edilen we COP30-yň öňüsyrasynda artýan ählumumy howa maksatlary bilen milli we sebit çemeleşmelerini birleşdiren möhüm konferensiýa boldy.

Maslahatyň temasy –  “Merkezi Aziýada sebit we milli çäreleri görmek arkaly howany maliýeleşdirmekde global maksatlara maksatlara  ýetmek”.

Maslahatda täze Milli kesgitlenen goşantlar (NDC) – 3.0 kontekstinde aýratyn ähmiýete eýe bolan howanyň maliýeleşdirilmeginiň möhüm ornuna aýratyn üns berildi.

250-den gowrak gatnaşyjyny birleşdiren CACCC-2025 konferensiýasynda Merkezi Aziýanyň hökümetleriniň, halkara guramalarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýokary derejeli wekilleriniň arasynda duşuşyklar geçirildi.

Maslahat sebitde howanyň üýtgemegi bilen bagly çygyrda dialogy, hyzmatdaşlygy ösdürmekde we strategiýalary ylalaşmakda möhüm waka boldy. Maslahatyň dowamynda esasy parnik gazlarynyň biri bolan metanyň zyňyndylaryny azaltmak, şeýle hem sebitleýin howa strategiýalarynyň çäginde Ählumumy Metan borçnamasynyň möhüm orny ara alnyp maslahatlaşylan möhüm sessiýalardan biri geçirildi. Sessiýanyň dowamynda howanyň üýtgemegi boýunça gysga möhletli maksatlara ýetmek üçin zerur şert bolan metanyň zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen amaly çäreler we syýasy çemeleşmeleri barada tejribe we maglumatlar alyşyldy. Sessiýada Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Federal daşary işler edarasy tarapyndan maliýeleşdirilýän, GIZ tarapyndan ýerine ýetirilýän “Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: Ýewropa Bileleşigi (ÝB): 2024-2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler” taslamasynyň materiallary hem görkezildi.  

Taslama topary, tebigy gaz pudagynda metanyň zyňyndylaryny azaltmaga ýardam berýän LDAR (Syzmalary ýüze çykarmak we bejermek) tehnologiýalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen synag taslamasynyň netijelerini hödürledi. Şeýle hem, sessiýa halkara öňdebaryjy tejribäni, deslapky barlaglaryň netijelerini we Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda çözgütleri öňe sürmek üçin edilýän tagallalary paýlaşmaga mümkinçilik berdi. 

Sessiýa, GIZ-iň Ýaşyl Merkezi Aziýa Programma dolandyryjysy doktor Karolina Milow we Arassa Howa Iş topary (CATF) ählumumy metan hapalanlanmalaryň öňüni almak kampaniýalarynyň müdiri, jenap Jeýms Turitto ýolbaşçylyk etdi. Bilermenleriň ikisi hem sebitde metan zyňyndylaryny azaltmak üçin bilelikdäki hereketleriň we halkara hyzmatdaşlygyň zerurdygyny aýtdylar. Sessiýanyň esasy maksady, Merkezi Aziýada metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça tagallalary çaltlaşdyrmakda hökümet wekilleriniň, pudakda gyzyklanýan taraplaryň we halkara hyzmatdaşlaryň arasynda gepleşiklere ýardam bermek. Şeýle hem tehniki kömegi güýçlendirmek, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek we howanyň aç-açan hereketini öňe sürmek arkaly kesgitlenen milli goşantlaryň durmuşa geçirilmegini goldamagy maksat edinýär.

Doktor Karolina Milowyň sitatasy: “CACCC-2025, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň COP29-dan bäri ýüze çykan täze howa şertlerini maliýeleşdirmek mümkinçiliklerinden nädip peýdalanyp boljakdygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm platforma öwrüldi. Kesgitlenen milli goşantlaryň (NDС) çäginde Ählumumy Metan borçnamasy baradaky maslahatlaşmalarymyz sebitiň zyňyndylary azaltmak we durnukly geljegi gurmak boýunça anyk çärelere ygrarlydygyny görkezýär.” 

Sessiýanyň esasy maksady, döwlet işgärleriniň, pudak ýolbaşçylarynyň we halkara hyzmatdaşlaryň arasynda metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça tagallalary çaltlaşdyrmak üçin netijeli gepleşikler üçin şertleri döretmekden ybarat. Şeýle hem bu çäre sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge, tehniki goldawy giňeltmäge we Merkezi Aziýada howa borçnamalarynyň ýerine ýetirilişinde aç-açanlygy üpjün etmeklige gönükdirildi.


Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

[ivory-search 404 "The search form 1355 does not exist"] [ivory-search 404 "The search form 1355 does not exist"]