
9-njy ýanwarda “Türkmeistanyň ýaşlarynyň üstünlikleri” jemgyýetçilik guramasynyň başlangyjy bilen jemgyýetçilik guramalarynyň we sosial ugurly kärhanalaryň 20 wekiliniň gatnaşmagynda raýat jemgyýetiniň ösüşinde ýaşlaryň tutýan orny ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda 2026-njy ýylyň 5-6-njy fewralynda Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýada Ýewropa Bileleşiginiň 6-njy raýat jemgyýeti Forumy üçin milli tanyşdyryş taýýarlamak meselesine üns berildi. Forum UNOPS tarapyndan Daniýanyň Adam hukuklary instituty (DIHR) bilen hyzmatdaşlykda Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) maliýe goldawy bilen amala aşyrylýan “Merkezi Aziýanyň raýat jemgyýetini goldamak gaznasy” atly dört ýyllyk taslamanyň çäginde meýilleşdirilýär. Taslamanyň maksatlarynyň biri ýaşlaryň gatnaşmagy bilen birlikde birnäçe ugurlar boýunça bäş sany tematiki iş toparyny (TWG) döretmekdir. Ýaşlar bilen işiň diýen ýaly ähli raýat jemgyýeti guramalarynda alnyp barylýandygyny göz öňünde tutup, “Türkmenistanyň ýaşlarynyň üstünlikleri” jemgyýetçilik guramasy ýaşlar syýasatyny işläp düzmekde esasy kynçylyklary, tematiki teklipleri, mümkinçilikleri we güýçli taraplary bilelikde öwrenmek kararyna geldi.



“Biziň maksadymyz sebit üçin umumy kynçylyklary kesgitlemek we has möhümi, ýaşlaryň ýurduň sosial-ykdysady durmuşyna doly hukukly gatnaşyjy bolmagyna mümkinçilik berýän hyzmatdaşlyk üçin özboluşly mümkinçilikleri kesgitlemekdir” diýip, duşuşygyň guramaçylary bellediler.
Bişkekde geçiriljek foruma taýýarlyk görmegiň esasy aýratynlygy dürli bilermenler jemgyýetleriniň çuňňur integrasiýasy boldy. TWG-lary döretmek düzgünlerine laýyklykda, her bir topara Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlaryndan guramalar girmelidir. Häzirki tapgyrdan soň, bäş tematiki toparyň işi Türkmenistan üçin ýeke-täk ýurt tanyşdyrylyşyna birleşdiriler. Mysal üçin, “Howanyň üýtgemegi we daşky gurşaw” TWG-nyň bir topary bolan “Tebigy Kuwwat” jemgyýetçilik birleşiginiň kärhanasy geljekki Forum üçin milli presentasiýasyny hödürledi. Ýaşlaryň gatnaşygyny güýçlendirmek boýunça ara alnyp maslahatlaşylýan işler toplumlaýyn milli hasabatyň bäş toparynyň diňe biridir. Ara alyp maslahatlaşmada häzirki zaman ýaşlarynyň öňünde durýan esasy päsgelçilikler kesgitlenildi:
– Bilim bilen zähmet bazarynyň arasyndaky tapawut, akademiki bilimleri sanly ykdysadyýetiň hakyky talaplaryna uýgunlaşdyrmak zerurlygy, sebitlerdäki serişdelere elýeterlilik, oba ýerlerinde ýaşlaryň öz-özüni amala aşyrmagy üçin infrastrukturany giňeltmek zerurlygy we ş.m.
– Jemgyýetçilik guramalary özboluşly hünärmen kapitalyna eýedirler. Duşuşygyň gatnaşyjylary ýaşlaryň roluny ýokarlandyrmak üçin anyk ädimleriň toplumyny işläp düzdüler. Bularyň arasynda ýaş liderleriň we işewürler jemgyýetiniň arasynda dowam edýän gepleşik platformalaryny döretmek, şeýle hem karýera boýunça ugur beriş maksatnamalaryny giňeltmek bar. Merkezi Aziýada sebitleýin hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Bilermenler birnäçe amaly pikirleri teklip etdiler:
– Jemgyýetçilik täsiri bolan startaplary işe girizmek üçin bilelikdäki platformalar. – Sebitleýin meýletinçiler ulgamy.
– Ekologiýa, medeniýet we inkluziwlik ugurlarynda tejribe alyşmak.
– Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümete degişli bolmadyk guramalarynyň arasynda iň gowy tejribeleri alyşmak üçin platforma hökmünde birleşdirilen web portaly.
Duşuşygyň maksady ýaşlaryň diňe halkara tejribesini kabul etmek däl, eýsem tutuş sebitiň ösüşi üçin öz innowasion çözgütlerini teklip etmek islegini görkezmekdir.
Aýna Ataýewa.
Leave a Reply