
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi her ýyl köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň agzalary bilen duşuşyp, bu ýurda eden missiýasynyň jemini jemleýär. Gowy däbe görä, şu gün, 24-nji iýunda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Mettýu Klimow tarapyndan ABŞ-nyň Ilçihanasynyň täze binasynda resmi metbugat ýygnagy geçirildi, bu web sahypamyzdakylar bilen birlikde 20-ä golaý metbugat wekili ýygnandy.
Ilçi jenap Mettýu Klimow öz çykyşynda bäş ýyllyk işinde gazanylan birnäçe möhüm üstünliklere ünsi çekdi. Şeýle hem:
– ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak, olary “özara hormat we umumy bähbitlere esaslanýar” diýip atlandyrdy. ykdysadyýet, howpsuzlyk, bilim, medeniýet we ekologiýanyň metanyň parnik gazlarynyň zyňyndylary bilen baglanyşykly meseleleri ýaly dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy onuň işiniň dowamynda ep-esli berkitmegi başardy.
– Iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek.
– Terrorçylyga, köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýramagyna we beýleki global howplara garşy howpsuzlyk hyzmatdaşlygy.
– Bilim we medeniýet pudagynda hyzmatdaşlyk, özara düşünişmegi ösdürmek we dostlukly gatnaşyklary berkitmek üçin dürli alyş-çalyş maksatnamalary we başlangyçlary amala aşyrylýar. Elbetde, ýurdumyzda yglan edilen ýylyna “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygaryna bagyşlanan Ilçihanasynyň edilen işleri barada belledi.



Şeýle hem, jenap ilçi ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda gazanan üstünliklerini belläp geçdi. Ilçi wezipesinde işlän döwründe diňe bir hyzmatdaşlyga goşant goşman, eýsem Türkmenistana bolan garaýşyny üýtgedip bilendigine buýsanýar. Sebitlerimizde köp syýahat etdi, möhüm we syýahatçylyk ýerleriniň hemmesine diýen ýaly baryp gördi, adamlar bilen duşuşdy, ýurdumyzyň taryhy we tebigy gözel ýerlerine baryp gördi.
Jenap ilçiniň aýdyşy ýaly: “Türkmenistanyň täsin ýerleri gezdim.” Şeýle hem çykyşynda Türkmenistandaky işiniň ony baýlaşdyrandygyny we üýtgedendigini belläp geçdi. Türkmenistanda iş döwrüniň karýerasynyň iň aýdyň we ähmiýetli sahypasy bolup galjakdygyny begenç bilen belläp geçdi. Jenap Mettýu Klimowyň karýerasyna ýaş lider hökmünde başlap, indiki karýerasynda şöhlelenýän ýaş esgerlere terbiýe berendigi bellärliklidir. Biziň ýururdumyzda bolsa ýaş nesliň liderlige bolan ägirt uly mümkinçiligini we islegini gördi.

25 minutlyk çykyşyndan soň metbugat işgärleri ilçihananyň gazananlary, şahsy üstünlikleri we diplomatyň geljekdäki meýilnamalary barada sorag berdiler. Soraglara aç-açan jogap berdi we geljekdäki meýilnamalaryny paýlaşdy. Onuň sözlerine görä, türkmenleriň myhmansöýerligi deňeşdirip bolmajak we haýran galdyryjy. Tebigatymyzdan ylham alyp, Kopetdag daglaryny ýatladýan daglarda jaý gurup başlady we milli we adaty tagamymyz türkmen palawy, indi iň halaýan tagamy, özi bilen alyp, bişirjek resepti ABŞ-daky dostlaryna hödür eder.
Jenap Mettýu Klimow Türkmenistanyň ýaş nesliniň iňlis dilinde aragatnaşyk gurmak we öwrenmek islegine aýratyn haýran galdy we bu ilçihanany iki ýurduň dillerini ulanmak we öwrenmek üçin mümkinçilikler döretmek üçin merkezler we taslamalar döretmäge itergi berdi.
Sözüniň ahyrynda ABŞ-nyň ilçisi metbugat gullugynyň wekillerine metbugat ýygnagyna gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi we ýatdan çykmajak myhmansöýerligi üçin Türkmenistanyň halkyna we hökümetine minnetdarlyk bildirdi. Jenap Mettýu Klimowyň Türkmenistandaky işini tamamlaýar we uly gynanç bilen ýurtdan çykýar. Pensiýa çykýandygyny we ýazmaga başlajakdygyny aýtdy. Üstünlikleri, tejribeleri, işi we syýahaty hakda ýazmagy meýilleşdirýär. Ol eýýäm bu hakda kitap ýazyp başlady, bu ýerde Türkmenistandaky durmuşy hem ýazyp beýan etmek isleýär!
Aýna Ataýewa.
Leave a Reply