Goraghanalar

  • Home
  • Goraghanalar
  • Amyderýa döwlet tebigy goraghanasy

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasy

Date of publication: 18 April 2024 / Views: 2,059

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasy 1982-nji ýylda Amyderýanyň orta akymynyň hem-de oňa ýakyn ýerleşýän çöl bölümleriniň ekoulgamlaryny goramak, öňki derejesine getirmek, sebitiň tebigatyny goramakda ylmy esaslary işläp düzmek maksady bilen döredildi. Goraghana umumy meýdany 151,3 müň ga bolup, onuň 48,3 müň ga meýdany Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň  demirgazyk-gündogar böleginde Birata, Seýdi we Farap etraplarynyň çäklerinde ýerleşýän goraghana,  103 müň ga meýdany bolsa Halaç we Atamyrat etraplarynyň çäklerinde ýerleşýän Kelif çäkli goraghanasyna degişlidir.

Goraghananyň çäginde ýokary derejeli ösümlikleriň 227 görnüşi hasaba alnyp, olardan 5 sanysy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen. Jeňňelliklerde ýaýran pette agajy Tebigaty Goramagyň halkara birleşiginiň (TGHB) Gyzyl kitabyna goşulandyr. Goraghananyň haýwanat dünýäsinde süýdemdiriji haýwanlaryň 42, süýrenijileriň 29, guşlaryň 247, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2 görnüşi duş gelýär. Goraghananyň çägindäki Amyderýanyň suwlarynda, akabalarda, zeýkeşlerde we derýanyň köne hanalarynda balyklaryň 36 görnüşi hasaba alnyp, şol sanda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen balyklardan uly we kiçi amyderýa pilburunlary, çortan şekilli akmarka duş gelýändir, olar Tebigaty Goramagyň halkara birleşiginiň Gyzyl kitabyna hem girizilendir. Gogarhanada ýaşaýan toýnakly haýwanlardan tokaý suguny we çöl keýigi hem Türkmenistanyň hem-de TGHB-niň Gyzyl kitaplaryna girizilendir. Haýwanlardan jemi 35 görnüş Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.


Goraghananyň tabynlygynda 1 sany çäkli goraghana ýerleşýär.

1. Kelif çäkli goraghanasy (1970ý.) – 103000 ga – maksady tebigy toplumy goramak, uçup geçýän we suwda ýüzýän guşlara amatly şertleri döretmekden ybaratdyr.


Goraghanadan suratlar

[ivory-search 404 "The search form 1355 does not exist"] [ivory-search 404 "The search form 1355 does not exist"]