1941-nji ýylyň 3-nji dekabrynda döredilip, onuň umumy meýdany 289,347 müň gektara deň, şol sanda 214,541 müň gektary Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň çäginde, 74,8 müň gektary Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 25.12.2014 № 14019 Karary esasyn-da 52750ga giňeldi. Jemi:140430ga. Goraghananyň garamagynda üç sany: Çemenabat. Türkmenistanyň Prezidentiniň 25.12.2014 №14019 Karary esasynda 14000ga giňeldildi (26,0 müň ga), Pulhatyn (15,0 müň ga) we Gyzyljar (30,0 müň ga) çäkli goraghanalary bar. Şeýle hem, 37,9 müň ga gorag zolagyna, 40,0 müň ga ekologik geçelgä degişlidir.
Goraghananyň döredilmeginiň esasy maksady bu sebitiň baý haýwanat dünýäsini, ajaýyp ösümlik dünýäsini, esasan hem, gulanlaryň ýeke-täk saklanyp galan toparyny we iri pisse tokaýlygyny gorap saklamakdan ybaratdyr.
Goraghananyň ösümlik dünýäsi 698 görnüşden ybarat bolup, olaryň 14 görnüşi, şol sanda bathyz düýegyrany, owgan injiri, Wasilçenkonyň astragaly, çägemik, bathyz pissesi, guşgy çigildemi we başgalar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.
Goraghanada haýwanlaryň jemi 1665 görnüşi, şol sanda ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2, süýrenijileriň 40, guşlaryň 258, süýdemdirijileriň 42, oňurgasyz haýwanlaryň 1328 görnüşi duş gelýär. Olaryň 40 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.
Goraghananyň tabynlygyndaky 3 sany çäkli goraghana ýerleşýär.
Çemenabat (1956 ý.) – 12000ga. (2014ý.)-14000ý giňeldildi – jemi 26000ga. gulanlar tomsuna suwa we otlamaga gelýärler.
Pulhatyn (1956 ý.) – 15000 ga – haýwanlaryň suw içýän ýeri.
Gyzyljar (1956 ý.) – 30000 ga – haýwanlaryň guzlaýan we otlaýan ýerleri.
Ýokardaky çäkli goraghanalaryň döredilmeginiň maksady: gulanlaryň ýazky öri meýdanlaryny we suw çeşmelerini goramak, hemme tebigy toplumlary we pisse tokaýlaryny dikeltmek hem-de haýwanlaryň seýrek görnüşlerini gorap saklamak maksady bilen döredilen.