Goraghanalar

  • Home
  • Goraghanalar
  • “Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanasy

“Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanasy

Date of publication: 18 April 2024 / Views: 1,447

2013-nji ýylyň 18-nji iýulynda döredildi. Onuň umumy meýdany 85 500 gektara deňdir. Şol sanda: 60 500ga aýratyn goralýan tebigy ýerler we 25 000ga. çäkli goraghanadyr. Gorag zolagy 25848ga.

 Ol Merkezi Garagumda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Tejen etraplarynyň çäklerinde ýerleşýär. Goraghananyň döredilmeginiň esasy maksady Garagum çölüniň biodürlüligini gorap saklamakdan hem-de baýlaşdyrmakdan, öri meýdanlary dikeltmek, rejeli peýdalanmak, gorap saklamak boýunça ylmy barlaglary geçirmekden ybaratdyr.

Goraghananyň we oňa ýanaşyk ýerleriniň ösümlik dünýäsiniň düzümi 293 görnüşi, şol sanda 210 görnüş ýokary derejeli ösümligi öz içine alýar, olardan 5 görnüş Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.

Goraghananyň we oňa ýanaşyk ýerleriň haýwanat dünýäsiniň düzümini 850 golaý görnüş düzýär, olaryň 90 görnüşi – süýrenijilere, guşlara we süýdemdirijilere degişli bolan oňurgaly haýwanlardyr. Jemi haýwanlaryň 14 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.



Goraghananyň tabynlygyndaky 1 sany çäkli goraghana ýerleşýär.

Minara (2013 ý.) – 25000ga. Garagum çölüniň biodürlüligini gorap saklamakdan.


Goraghanadan suratlar

[ivory-search 404 "The search form 1355 does not exist"] [ivory-search 404 "The search form 1355 does not exist"]