Habarlar we wakalar

  • Baş
  • Habarlar we wakalar
  • CAREC ÝAŞLAR BILEN IŞLERI ARTDYRÝAR

CAREC ÝAŞLAR BILEN IŞLERI ARTDYRÝAR

Çap edilen senesi: 22 August 2024 / Görüşler: 541

CAREC-iň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, ýakynda Türkmenistandaky Merkezi Aziýanyň Sebitleýin Ekologiki Merkeziniň (CAREC) Taslama Ofisy  Gazagystan-Germaniýa Uniwersitetiniň (DKU) Suw serişderini integrirlinen dolandyrmak boýunça magistr meýlnamasynyň abiturentler, şol bir wagtda «Ýaş tebigatçy» we «Tebigy Kuwwat» hyzmatdaş jemgyýetçilik guramalarynyň ýaş ekologlary bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkmenistandaky CAREC taslama ofisiniň direktory Mergen Kepbanow olar bilen ekologiýa, ýagny suw pudagyndaky bilimleriň hilini ýokarlandyrmagyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdy. Hususan-da, M. Kepbanow ýaş ekologlara CAREC bilen hyzmatdaşlyk edýän DKU-nyň Türkmenistandan höwes edýänleri magistr meýilnamasyna okatmaga bolan gyzyklanmasy barada habar berdi.

– Bu hyzmatdaşlygyň möhüm netijeleri berjekdigine we ýaş hünärmenlerimiziň üstünlikli geljegi üçin möhüm ädim boljakdygyna ynanýarys, –  DKU-nyň «Suw serişderini integrirlinen dolandyrmak» bilim meýlnamasynyň başlygy Dinara Seidazimowa diýdi.

Mähirli we dostlukly ýagdaýda geçirilen ýygnak abiturentlere sorag bermäge we geljek üçin meýilnamalaryny paýlaşmaga mümkinçilik berdi.

– Gazagystan-German Uniwersitetinde okamak, Suw serişderini integrirlinen dolandyrmak ugry boýunça bilim almaga ajaýyp mümkinçilik döreder we alnan bilimleriň we başarnyklaryň üstünlikli karýerany gurmaga we sebitimiziň durnukly ösüşine möhüm goşant goşmaga kömek eder,- diýip, Nurberdi Ataew aýdýar.

Türkmenistandaky CAREC Taslama Ofisy ýaşlaryň başlangyçlaryny utgaşdyrmakda we goldamakda möhüm rol oýnaýar. Ol ýaş hünärmenleriň möhüm taslamalara gatnaşyp, tejribe we bilim alyşyp, sebitiň durnukly ösüşine goşant goşup biljekdigini üpjün etmek üçin işjeň işleýär. Muny her ýyl durnukly ösüş üçin daşky gurşaw boýunça Merkezi Aziýanyň Liderlik Maksatnamasy (CALP) tassyklaýar. Geçen hepde Merkezi Aziýadan 25 sany ýaş lideriň, şol sanda Türkmenistanyň 5 wekili gatnaşjak 14-nji CALP (Almaty, 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň 9-13-i aralygynda) üçin gatnaşyjylary saýlamak tamamlandy. Duşuşygyň ahyrynda Mergen Kepbanow abiturentlere gymmatly görkezmeler berdi we häzirki zaman dünýäsinde bilimiň we okuwynyň ähmiýetini belläp, ýakyn wagtda geçiriljek söhbetdeşliklerde üstünlik arzuw etdi.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

[ivory-search 404 "The search form 1355 does not exist"] [ivory-search 404 "The search form 1355 does not exist"]