1986-njy ýylyň 11-nji iýulynda döredilen Köýtendag döwlet tebigy goraghanasy äpet Pamir-Alaý dag ulgamynyň Gissar gerşiniň bir şahasy bolan Köýtendaglarynyň günbatar eňňidinde ýerleşýär. Goraghananyň tutýan umumy meýdany 150,3 müň ga, şol sanda 27,1 müň ga goraghana, 40,0 müň ga Garlyk, 31,6 müň ga Hojapil, 17,6 müň ga Hojaburjybelent, 16,0 müň ga Hojagarawul çäkli goraghanalaryna, 18,1 müň ga bolsa gorag zolagyna degişlidir.
Goraghananyň döredilmeginiň esasy maksady – Köýtendagyň we oňa golaý ýerleriň täsin tebigatyny goramakdan hem-de bozulan ekoulgamlaryny dikeltmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr.
Şeýle hem, onuň döredilmegi, juda seýrekligi üçin Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň (TGHB) Gyzyl kitabyna girizilen burma şahly dag tekesini goramak zerurlygy bilen baglydyr.
Goraghananyň ösümlik dünýäsinde 987 görnüşiň ösýändigi anyklanyp, şolaryň 10% diňe şu ýerlerde ösýän (endemik) görnüşlerdir. Ösümlikleriň 10 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen. Lukmançylykda ulanylýan derman ösümlikleriň hem 200-den gowrak görnüşleri duş gelýär.
Köýtendagyň haýwanat dünýäsi hem baý we dürli-dürlüdir. Bu ýerde ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 1, şüýrenijileriň 25, guşlaryň 122 we süýdemdirijileriň 40-a golaý görnüşi duşýar. Oňurgaly haýwanlaryň 21, oňurgasyz haýwanlaryň 4 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Hojapil tebigy çäkli goraghanasy (31,6 müň ga) takmyndan 150 mln ýyl mundan oň ölüp giden dinozawrlaryň aýak yzlary saklanyp galan “Dinozawrlaryň belent tekizligini”, gözel dereli „Kyrkgyz“ gowagyny, şarlawukly Umbar deräni, Kette, Aýgyr, Horjun ýaly karst kölleri, Köýten obasyndaky köp asyrlar ýaşan çynarlary hem arnap tokaýjygyny, Garadepäniň ýanyndaky pisse tokaýjygyny goraýar.
Haýwanlar
Ösümlikler
Gyzyl kitap
Goraghananyň tabynlygynda 4 sany çäkli goraghana ýerleşýär.
1. Garlyk (1986 ý.)- 40000 ga ajaýyp gowaklary goramak we başga-da oniks mermer daşlaryny, seýrek duşýan we endemik görnüşleri goramak, arça tokaýlaryny saklamak we kör balygy goramak ybaratdyr.
2. Hojapil (1986 ý.) – 31635 ga Gowurdak – Köýtendagyň umumy ekologik deňagramlylyk tebigy toplumyny gorap saklamak we dikeltmek wezipeleri degişli.
3. Hojaburjybelent (1986 ý.) – 17592 ga, pisse tokaýlygyny dikeltmek we gorap saklamak hem-de ýabany haýwanlaryň ýaşaýan ýerlerini goramak.
4. Hojagarawul (1999 ý.) – 6011 ga, gymmatly seýrek we ýok bolup barýan ösümlikleriň we haýwanlaryň görnüşlerini goramak, ösümlik örtügini dikeltmek, jülgelerini öwrenmek we goramakdan ybarat. 25.12.2014ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň 14019 belgili karary esasynda çäkli goraghananyň meýdany 10 000ga giňeldilip jemi 16011ga boldy.
Continue reading “Köýtendag döwlet tebigy goraghanasy”