
«Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýeti» jemgyýetçilik birleşiginiň
«Tebigy kuwwat» kärhanasynyň başlygy we Aşgabatdaky Orhus merkeziniň wekili. Döwlet, raýdaşlyk, hususy we halkara pudaklarynda iş tejribesi bar. Jemgyýetçilik pudagynda takmynan 15 ýyl.
Türkmenistanda milli we sebitleýin taslamalary köp ugurlarda utgaşdyrmakda uly tejribe: ekologiýa, medeniýet, maýyplaryň, sosial taýdan ejiz adamlaryň, ýaşlaryň, jyns taýdan deňligiň, meýletinleriň, metbugat hyzmatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak. Şol bir wagtyň özünde, «Gitaraçylar jemgyýeti» jemgyýetçilik guramasynyň başlygy, «Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýeti» jemgyýetçilik guramasynyň geňeş agzasy, InAşgabat web saýtynyň esaslandyryjy, Tebigy betbagtçylyklary azaltmak boýunça jemgyýetçilik guramalarynyň Global ulgamynyň (GNDR), Merkezi Aziýa merkeziniň «Geljek üçin innowasiýa» maksatnamasynyň (I4C CA Hub) we 2025-nji ýylyň fewral aýdan Merkezi Aziýanyň Sebitleýin Ekologiki Merkeziniň (CAREC) Dolandyryjylar geňeşiniň agzasy.
B.Ataýew özüniň iň oňat raýdaşlyk başlangyjy «InAshgabat web saýty – raýdaşlyk jemgyýeti platformasy» üçin «Amazing People Prize» – 2020 atly Merkezi Aziýa bäsleşiginiň ýeňijisi bolan.
Şahsy maglumatlar
- +993 12 941 714
- batayev@aarhusashgabat.org
- 744000 Türkmenistan, Aşgabat
- Bitarap Türkmenistan şaýoly, 15





