
Aprel aýynyň ahyrynda “Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti” jemgyýetçilik guramasynyň başlygy, jemgyýete digişli bolan “Tebigy Kuwwat” kärhanasynyň direktory Türkmenistandaky Merkezi Aziýanyň Sebitleýin Ekologiki Merkeziniň (CAREC) Taslama Ofisiniň täze bellenilen direktory Mergen Kepbanow bilen duşuşyk geçirildi.
Dostluk we özara düşünişmek atmosferasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda daşky gurşawy goramak pudagynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň birnäçe meselesi we raýat jemgyýetiniň bu işdäki orny ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar halkara guramalary bilen işlemekde, şeýle hem Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklary bilen işleşmekde tejribe alyşdylar. Daşky gurşawy goramagyň ähli ugurlary boýunça dürli milli we sebit taslamalaryna milli hünärmenleri çekmek meselesi gozgaldy.
Duşuşykda, şeýle hem, Orhus konwensiýasynyň we beýleki daşky gurşawyň meseleleri ýerine ýetirilişi barada hökümet edaralarynyň wekilleri bilen ýygnaklary, tegelek stollary, maslahatlary we beýleki çäreleri geçirmäge yzygiderli goldaw berýän Aşgabatdaky Orhus merkeziniň 2012-nji ýyldan bäri alyp barýan işleri bellendi. Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistan Orhus konwensiýasyna 1999-njy ýylda goşulyşdy.
Şeýle hem, CAREC maksatlaryny ileri tutulýan ugurlarda durmuşa geçirmekde bolup biljek bilelikdäki tagallalary ara alyp maslahatlaşdylar. Bu, daşky gurşawy goramak baradaky halkara konwensiýalar, Türkmenistan tarapyndan bu ugurda gol çekilen halkara şertnamalar barada halkyň habardarlygyny ýokarlandyrmak üçin milli, sebitleýin we halkara taslamalaryň we çäreleriň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagy öz içine alýar. Orhus konwensiýasynyň düzgünlerinden gelip çykýan milli daşky gurşaw kanunçylygyny gowulandyrmak başlangyçlary göz öňünde tutuldy.
Duşuşykda geçirilen gürrüňdeşlikleriň netijesinde taraplar Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen CAREC arasynda, “Tebigy Kuwwat” JBK we CAREC arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalary taýýarladylar we gol çekdiler.
Berkeli Ataýew.


Leave a Reply