Goraghanalar

  • Home
  • Goraghanalar
  • Repetek döwlet biosfera goraghanasy

Repetek döwlet biosfera goraghanasy

Date of publication: 19 April 2024 / Views: 827

1912-nji ýylda Russiýa Imperatorlyk Geografiýa jemgyýeti tarapyndan Repetek demirýol duralgasynyň ýanynda Repetek çäge-çöl Russiýanyň ylmy stansiýasy döredilýär. Repetek döwlet goraghanasy 1927-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda şol wagtky Türkmenistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýörite karary bilen döwlet goraghanasy diýlip yglan edilýär. Goraghananyň döredilmeginiň esasy maksady Repetegiň we onuň daş-töweregindäki meýdanlarda bar bolan ojar tokaýlaryny we Gündogar Garagumuň çägeli-çölüniň ösümlik we haýwanat dünýäsini ylmy taýdan öwrenmek, gorap saklamak hem-de olary dikeltmekden ybaratdyr. Goraghana 1979-njy ýylyň 19-njy fewralynda ÝUNESKO-nyň „Adam we biosfera“ maksatnamasynyň Halkara sazlaşdyryjy Geňeşiniň karary bilen biosfera döwlet goraghanasy diýen hukuk ýagdaýy (statusy) berildi.

Türkmenistanda ilkinji döredilen Repetek döwlet biosfera goraghanasy Günorta-gündogar Garagumuň merkezi böleginde ýerleşýär. Onuň umumy meýdany 64,6 müň ga bolup, onuň 34,6 müň gektary goraghana, 30,0 müň gektary Ýerajy çäkli goraghana degişlidir. Goraghanada ösümlik örtüginiň 125 görnüşi ösýär, olardan 5 sanysy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen.

         Goraghananyň haýwanat dünýäsi 1343 görnüşli oňurgasyzlardan, 22 görnüşli süýrenijilerden, 202 görnüşli guşlardan we 29 görnüşli süýdemdirijilerden ybaratdyr. Goraghanada duş gelýän süýdemdirijilerden: keýik, garagulak; guşlardan: bürgüt, ýylançy gyrgy,  çöl serçesi, togdary, gajar, şeýle hem uçup geçýän guşlaryň birnäçe görnüşleri; süýrenijilerden: zemzen we kepjebaş – jemi 20 görnüş; oňurgasyz haýwanlardan 7 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.


Goraghananyň tabynlygynda 1 sany çäkli goraghana ýerleşýär.

Ýerajy (19.11.1977 ý. Karar №17/411) – 30000 ga –  suw basansoň 2010-njy ýylda täzeden dikeldildi . Sazak tokaýlaryny we türkmen kölüniň akabasynyň ugrunda emele gelen köle uçup geçýän we gyşlaýan guşlary gorap saklamak maksady bilen döredilen.




Goraghanadan suratlar

[ivory-search 404 "The search form 1355 does not exist"] [ivory-search 404 "The search form 1355 does not exist"]