Hazar deňziniň Türkmen böleginde ýerleşýän Hazar döwlet tebigy goraghanasy 1932-nji ýylda döredildi. Ol 3 bölümden: Hazar we Esenguly meýdançasy hem-de 1982-nji ýylda döredilen Ogurjaly döwlet tebigy çäkli goraghanasyndan ybaratdyr. Goraghananyň tutýan umumy meýdany 268,0 müň ga bolup bolup, onuň 261,0 müň gektary goraghana, 7,0 müň gektary bolsa Ogurjaly döwlet tebigy çäkli goraghanasyna degişlidir.
Goraghanada we oňa ýanaşyk ýerlerde damarly ösümlikleriň jemi 416 görnüşi duş gelýär. Olaryň 6 sanysy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.
Goraghanada we oňa ýanaşyk ýerlerde ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2 görnüşi, balyklaryň 55, süýrenjileriň37,guşlaryň 302 görnüşi we süýdemdirijileriň 46 görnüşi hasaba alyndy. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2011ý.) girizilen oňurgaly haýwanlaryň 40 görnüşi, şol sanda balyklaryň 5, guşlaryň 29, süýdemdirijileriň 6 görnüşi hem-de mör-möjekleriň 4 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Hazar düwleni Tebigaty goramagyň Halkara Birleşiginiň (TGHB) Gyzyl kitabynyň sanawyna hem goşulandyr.
1990-njy ýylda Ogurjaly adasynda çäkli goraghanasy döredilip, ol ýerde keýikleriň baş sany köpeldilýär.