Türkmenistanyň demirgazyk-günbatar çetinde, Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşip, bu goraghana 1979-njy ýylyň 16-njy awgustynda döredildi. Onuň döredilmeginiň esasy maksady Üstýurt dag goçuny (aýragy), keýigi, itaýyny goramakdan, olaryň sanyny saklamakdan we köpeltmekden ybaratdyr.
Gaplaňgyr diýen adyň „Gaplaňgyr“ beýikligi bilen baglanyşykly bolup, ozal bu ýerlerde gum gaplaňynyň (käbir şiwelerde alajabars) ýaşanlygy sebäpli doredi.
Goraghananyň tutýan umumy meýdany 926,1 müň ga bolup, şonuň 275,7 müň gektary goraghananyň, 109,0 müň gektary Şasenem, 541,5 müň gektary Sarygamyş çäkli goraghanalaryň çäginde ýerleşýär.
Goraghananyň (iki sany çäkli goraghanalar bilen bilelikde) ösümlik dünýäsi häzirki wagtda ösümlikleriň 400 görnüşini öz içine alýar, olardan 3 görnüşi Gyzyl kitaba girizilendir.
Bu ýerde oňurgaly haýwanlaryň, balyklardan başga, 280 görnüşi duşýar. Olardan süýdemdirijileriý 45, süýrenijileriň 21, guşlaryň 213 görnüşi duşýar. Olardan 58 görnüşi çölde we suw ýakalarynda höwürtgeleýär, galanlary bolsa uçup geçýän, gyşlaýan görnüşlerdir. Guşlaryň 23 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl Kitabyna (2011 ý.) girizildi. Goraghanada gemrijileriň 19, ýyrtyjy haýwanlaryň 11, mör-möjek iýijileriň 4, golganatlylaryň 5 (ýarganatlar), towşanşekillileriň 1 we toýnaklylaryň 5 görnüşi duşýar.
Goraghananyň tabynlygynda 2 sany çäkli goraghana ýerleşýär.
Sarygamyş (1980 ý.) – 541466 ga, bu kenar ýaka toplumyny goramak suwda ýüzýän we uçup geçýän guşlary we keýikleriň köpelmegi üçin döredildi.
Şasenem (1983 ý.) – 109002 ga, gulanlary göçürip getirmek we köpeltmek maksady bilen döredildi.