Goraghanalar

  • Home
  • Goraghanalar
  • Köpetdag döwlet tebigy goraghanasy

Köpetdag döwlet tebigy goraghanasy

Date of publication: 18 April 2024 / Views: 818

1976-njy ýylyň 19-njy awgustynda döredildi. Goraghananyň umumy meýdany 125 müň ga bolup, ol Merkezi Köpetdagda Germapdan Gündogar Köpetdaga Mäne-Çäçe aralygyny öz içine alýar. Goraghananyň döredilmeginiň maksady dag-etek düzlükleriň ekoulgamlaryny gorap saklamak we olary toplumlaýyn öwrenmek, arçalyklary, ýabany miweli agaçlaryň tokaýlaryny, haýwanat dünýäsiniň möhüm görnüşlerini – umgalary, aýraklary, alajagaplaňy, dag hindi towugyny we beýleki görnüşleri gorap saklamakdyr. Gogarhananyň düzümine iki sany, ýagny Guryhowdan (15 müň ga) we Mäne-Çäçe (60 müň ga)  döwlet tebigy çäkli goraghanalar girýär.

Goraghanada ýokary derejeli ösümlikleriň 1200-e golaý görnüşi duş gelýär. Olaryň 40-dan gowrak görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Bu ýerde giňden ýaýran, hemişe gök öwsüp oturan, esasy tokaý dörediji agaç Köpetdag-Horasan daglarynyň endemigi – türkmen arçasydyr. Arça tokaýlygy  goraghananyň 23 müň ga gowrak meýdanyny eýelemek bilen, tutuş Köpetdagda ösýän arçalyklaryň 50% meýdany goraghananyň  çäginde ýerleşýär.



Goraghananyň haýwanat dünýäsi 1265 görnüşden ybarat bolup, sol sanda oňurgasyz haýwanlar – 1000-den gowrak, süýdemdirijiler – 67, guşlar – 153, balyklar – 6, süýrenijiler 39 görnüşdir.

Goraghanada süýdemdiriji haýwanlaryň 17 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna, şol sanda  syrtlan, alajagaplaň, gulan, keýik, umga – dag tekesi, aýrak – dag goçy we başga görnüşler girizilendir.

Gogarhananyň düzümine iki sany, ýagny Mäne–Çäçe (1976 ý.) –  60 000 ga. gulanlary, keýikleri we alaja barsy gorap saklamak üçin döredilen.

Guryhowdan – 15 000 ga. gulanlary, dag goçylary, alaja barsy gorap saklamak üçin döredilen.

Goraghananyň tabynlygynda 2 sany tebigy ýadygärlik ýerleşýär:

Garaýalçy – hozly meýdan 20 ga. 2. Çarlyk – pisselik 2000 ga.


Goraghanadan suratlar

[ivory-search 404 "The search form 1355 does not exist"] [ivory-search 404 "The search form 1355 does not exist"]