Habarlar we wakalar

  • Baş
  • Habarlar we wakalar
  • Merkezi Aziýa sebitinde suw serişdelerini we ekoulgamalary dolandyrmaga çemeleşmeleri sazlaşdyrmaga milli bilermenleri çekmek

Merkezi Aziýa sebitinde suw serişdelerini we ekoulgamalary dolandyrmaga çemeleşmeleri sazlaşdyrmaga milli bilermenleri çekmek

Çap edilen senesi: 25 June 2026 / Görüşler: 111

Milli we halkara bilermenler we alymlar tarapyndan Merkezi Aziýa sebitinde, şol sanda Amyderýa aýtymynda zerur bolan derejede ekologiýa akymlarynyň elýeterliligi barada çynlakaý alada bildirilýär. Bu we ýurdumyzyň beýleki derýalarynyň aşaky akymlary suw akymlaryň azalmagyndan we suwuň hiliniň pesliginden ejir çekýär, bu bolsa ekoulgamalara ýaramaz täsir edýär we biodürlülige howp döredýär. Eýýam dörän Aral deňziniň krizisinden başga-da, Aralýaka sebitindäki ýagdaý has-da ýaramazlaşýar.

Ekologiýa suw akymlaryň üpjin edilmegi örän wajypdyr; olar ekoulgamalary we olara garaşly ýerli ilatyň ýaşaýyş derejesini saklamak üçin zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin suw akymlarynyň möçberini, kadalaryny we hilini kesgitleýär. Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa akymynyň artmagy bilen baglanyşykly möhüm meseleler 2026-njy ýylyň iýun aýynda Daşkentde “Blue Peace Central Asia” taslamasynyň çäginde geçirilen “Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa akymyny durmuşa geçirmek: bilermenleriň seljermesinden amaly herekete çenli” atly Sebitleýin okuw maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara suw dolandyryş instituty (IWMI) we Tebigaty goramak boýunça halkara birleşigi ýolbaşçylygynda geçirilen bu okuw maslahaty Şweýsariýanyň ösüş we hyzmatdaşlyk agentligi tarapyndan maliýe taýdan goldanyldy. Şol okuw maslahatyna “Tebigy kuwwat” jemgyýetçilik guramasynyň hem-de Turkmenistandaky Orhus merkeziniň agzasy K. Öwezmyradow hem gatnaşdy. Ol häzirki wagtda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň “Кöp sanly bähbitleriň alynmagy üçin Аral denzinin ginişliginde yer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak” atly taslamasynyň Institutsional utgaşdyryjysy/Sebitleýin suw baýlyklaryny dolandyrmak meseleleri boýunça hem milli bilermendir. Bu ýöriteleşdirilen çärä degişli ýurdyň döwlet guramalaryň hem-de hökümete degişli bolmadyk guramalaryň hünärmenleri hem gatnaşdylar.

Sebitleýin okuw maslahatynda esasy nygtalanany – Merkezi Aziýa ýurtlarynyň häzirki wagtda inženerçilik-serişdeleýin çemeleşmesinden daşky gurşawyň taraplaryny göz öňünde tutýan utgaşdyrylan suw dolandyryş modellerine geçýändiginiň ykrar edilmegi boldy. Şeýle hem daşky gurşaw akymlarynyň has giň suw serişdelerini dolandyryş ulgamynyň bir bölegi hökmünde garalmalydygy nygtaldy. Okuw maslahatynda “Blue Peace Central Asia” taslamasy tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynda ekologiýa akymlary bilen baglanyşykly häzirki ýagdaý boýunça geçirilen gözlegleriň netijeleri we Sebitdäki ýurtlaryň ekologiýa akymlaryny durmuşa geçirmäge institusional, hukuk, ylmy we tehniki taýýarlygynyň deňeşdirme seljermesi görkezildi. Şeýle hem, ekologiýa akymlaryny ýpjin edilmeginde häzirki zaman global çemeleşmeleri, tejribeleri we gurallary ornaşdyrmaga taýýarlygy babatda seljerme geçirildi. Taýýarlyk seljermesi boýunça Merkezi Aziýa ýurtlaryň bilermenleri çykyş etdiler, şol sanda G. Öwezmyradowyň hem çykyşy boldy. Bu çykyşda ekologiýa meselelerini milli we sebit derejelerinde çözmek boýunça teklipler, şol sanda daşky gurşaw akymlaryny üpjün etmek üçin sebitleýin hyzmatdaşlygy ilerlendirmekde beýan edilen suw diplomatiýasynyň çäklerinde bilelikdäki hereketleriň meýilnamalary beýan edildi. Okuw maslahatyň bu düzüm böleginiň jemleýji netijesi hökmünde gatnaşyjylar ekologiýa akymyny ornaşdyrmagyna böwet bolýan bar bolan päsgelçilikleri anykladylar we ekologiýa akymyny Merkezi Aziýa ýurtlarynda milli suw serişdelerini dolandyryş ulgamlaryna goşmak üçin mundan beýläkki ädimler barada ylalaşdylar.

Şeýle-de bu ugurda berlen meseläni çözýän, şonda ulanylýan gurallaryň tassyklanmagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy: ulanylýan gurallaryň, şol sanda “E-Flow Sözlügi” web programmasynyň prototipinine, bu ugra degişli IWMI-iň çemeleşmelerine we usullaryna, şeýle hem IWMI-iň ekologiýa akymyny hasaplaýyljşyna, şol sanda IWMI-niň ekologiýa akymynyň möçberini hasaplaýan guralyna seredildi. Usul taýdan bu kalkulýator Merkezi Aziýa sebitindäki ýurtlarda ekologiýa akymyny durmuşa geçirmek üçin esasy we bitewi gural hökmünde hödürlenýär. Türkmenistanyň wekilleri strategik meýilnamalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere hem gatnaşdylar. Ýagny boýunça Sebitleýin ýol kartasynyň we Tejribeli adamlaryň jemgyýetiniň konsepsiýasynyna garalmagyna we olar boýunça ylalaşylmagyna gatnaşdylar.

Şeýle hem Tejribeli adamlaryň jemgyýetiniň sebitleýin platformasynyň düzümine (gatnaşyjylaryň) seredilmegine. Seminaryň bu böleginiň netijelerine esaslanyp, ekologiýa akymy durmuşa geçirmek ugrunda Sebitleýin ýol kartasyny durmuşa geçirmek üçin strategik teklipler, şol sanda Türkmenistan bilen baglanyşykly teklipler agzalyp geçildi. Ekologiýa akymy boýunça Tejribeli adamlaryň jemgyýetiniň işini dolandyrmak hakynda guramaçylyk esasyna içgin garaldy. Şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň şu güne çenli ýeten sepgitlerine, gazananlaryny we goşantlaryny göz öňünde tutup, olaryň orny we roly görkezildi. Türkmenistan barada aýdylanda, bu Strategik synçy, Fokusy – Halkara taslamalary arkaly tapgyrlaýyn gatnaşmak, tehniki uýgunlaşmak, Statusy – Taýýarlyk tapgyry, rahat integrasiýa üçin berk borçnamalarsyz gatnaşmak.

Bu okuw maslahaty sebitleýin hyzmatdaşlyk maglumat alyş-çalşygyna, milli suw hojalygy tejribesini paýlaşmaga we garaýyşlary hem-de pikirleri hödürlemäge mümkinçilik berip, örän gymmatlydygyny subut etdi. Sebitleýin okuw maslahaty amaly häsiýete eýe boldy we Merkezi Aziýa ýurtlaryny hakykatdanam netijeli hyzmatdaşlyk formatynda birleşdirdi. Ol ekoulgamlary kanuny suw ulanyjylary hökmünde ykrar etmek we ekologiýa akymyny suw hojalygy ulgamyna goşmak üçin tagallalary utgaşdyrmaga ýardam etdi. Okuw maslahaty nazary seljermeden amaly durmuşa geçilişi, şol sanda sebit derejesinde suw serişdelerini we ekoulgamalary dolandyrmaga çemeleşmeleri sazlaşdyrylmak meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin platforma bolup hyzmat etdi. Okuw maslahatynyň dowamynda geçirilen işleri milli agentlikleriň, halkara suw hojalygy düzümleriniň (şol sanda Aral deňzini halas ediş gaznasynyň) we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň “Aral” taslamasynyň arasynda durnukly suw hojalygy çäreleri, institutsional optimizasiýa we biodürlüligi gorap saklamakda ekologiýa akymlarynyň orny barada ýöriteleşdirilen analitiki materiallary işläp düzmek boýunça umumy pozisiýany işläp düzmek üçin bilermenler goldawynyň we dialogyň ýeňilleşdirilmeginiň bir bölegi hökmünde garamak bolar. Soňky on ýylyň dowamynda hakyky ekologiýa akymlary bilen ylalaşylan borçnamalarda (şertnamalarda) görkezilen daşky gurşawy goramaga degişli meseleleriň ýerine ýetirilişiniň arasyndaky tapawut ekologiýanyň ýagdaýyna oňaýsyz täsir edýär. Amyderýadan yzyna gaýtaryp berilmeýän suwuň alynyşy şeýle depginde dowam etse, Aral deňziniň sebitindäki ýagdaý, şol sanda Türkmenistanyň ýagdaýy has-da ýaramazlaşyp biler. Bu meselä degişli pudaklaryň içki kynçylyklary (diňe öz bähbitlerini aramak babatda) ýeňip geçmek, oba hojalyk pudagynyň suw sarp edilişinde agdyklyk etmegini we ekoulgamalaryň gowşaklygyny ýeňip geçmek, degişli maglumatlara elýeterliligi gowulandyrmak we suwuň möçberi boýunça umumy utgaşdyrylmagy we ylalaşylan borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin bilermenleriň we beýleki gyzyklanýan taraplaryň bilelikdäki tagallalary zerurdyr. Bu diňe milli derejä däl, eýsem serhetüsti/döwletara derejesine hem degişlidir.


Gurbanmyrat Öwezmyradow.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

[ivory-search 404 "The search form 1355 does not exist"] [ivory-search 404 "The search form 1355 does not exist"]