Habarlar we wakalar

  • Baş
  • Habarlar we wakalar
  • Merkezi Aziýada “ýaşyl başarnyklaryň” ösüşi

Merkezi Aziýada “ýaşyl başarnyklaryň” ösüşi

Çap edilen senesi: 25 May 2024 / Görüşler: 306

2024-nji ýylyň 23–24-nji maýynda Daşkentde “Merkezi Aziýada ýaşyl başarnyklar” atly maslahat geçirildi. Bu çäre, Germaniýanyň hökümetiniň buýrugy boýunça  Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda Doýçe Gesellschaft für Internationale Zusammenarbeit (GIZ) GmbH (Halkara Hyzmatdaşlyk Jemgyýeti) tarapyndan amala aşyrylan “Merkezi Aziýada ýaşyl başarnyklar” taslamasy tarapyndan gurnaldy.

Çärä Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň şäheri yşyklandyryş müdirliginiň, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň “Türkmensuwylymtaslama” Türkmen Döwlet suw hojalyk ylmy-önümçilik we taslama institutynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň Arhitektura we şähergurluşygynyň baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Milli bilim institutynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri we “Tebigy Kuwwat“ jemgyýetçilik birleşiginiň kärhanasynyň başlygy – Türkmenistanyň Orhus Merkeziniň wekili Berkeli Ataew, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlaryň ykdysadyýet, bilim, energiýa, bilim edaralary we hususy pudak gaýtadan dikeldilýän energiýa, suw üpjünçiligi we beýleki galyndylaryny gaýtadan işlemek pudaklaryndan wekilleri gatnaşdylar.

Ilki başda GIZ PR hünärmeni hanym Sonja Raşidowa gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlenip, Germaniýanyň hökümetiniň tabşyrygy boýunça amala aşyrljek “Durnukly ýaşyl ösüş üçin bilim we iş üpjünçiligi – Merkezi Aziýada “ýaşyl başarnyklar” atly täze sebitleýin taslamanyň ösüş prosesine başlamagy geçmegi üçin maksady barada gürrüň etdi. Bu taslama, sebitdäki ýurtlaryň “ýaşyl ykdysadyýete” üstünlikli Merkezi Aziýada gaýtadan dikeldilýän energiýa, suw üpjünçiligi we galyndylary gaýtadan işlemek pudaklary boýunça hünärmenleri taýýarlamagy goldar.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda bar bolan ýaşyl başarnyk başlangyçlary, bar bolan zähmet islegi we maksatlaýyn pudaklarda hünär ýetmezçiligi, şeýle hem ýaşyl ykdysadyýetiň halkara tendensiýalary barada pikir alyşdylar. “Dünýä kafesi” atly sessiýada belli pudaklarda (energiýa, galyndylar, suw) zerurlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň ikinji bölüminde paralel sessiýalarda innowasiýa çemeleşmeleri we hyzmatdaşlygyň aýratyn meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hünärmenler bilen netijeler boýunça toparlaýyn pikir alyşyldy we ýurt boýunça toparlarda işl geçiredi, ýagny: gyzyklanýan taraplar, ileri tutulýan ugurlar, rasional hyzmatdaşlyk. Geljekki taslamanyň ara alnyp maslahatlaşylmagynda we işlenip düzülmeginde sebitleýin hyzmatdaşlyk, hususy sektor bilen hyzmatdaşlyk we bilim mümkinçiliklerine öz içine alyjy mümkinçilikler aýratyn rol oýnar.


Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

[ivory-search 404 "The search form 1355 does not exist"] [ivory-search 404 "The search form 1355 does not exist"]