Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda Günorta-Günbatar Köpetdagda alymlaryň maslahaty bilen bu ýerde Ösümlikleriň genetiki gorlarynyň Türkmenistandaky synag merkezi döredilýär. 1978-nji ýylda Günorta-Günbatar Köpetdagyň tebigy ekoulgamlaryny öwrenmek, dikeltmek we gorap saklamak maksady bilen, Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasy döredilýär.
Goraghananyň tutýan umumy meýdany 30,3 müň ga bolup, şonuň 26,5 müň gektary goraghana, 3,8 müň gektary Sünt-Hasardag çäkli goraghanasyna degişlidir.
Bu ýerde ösümlikleriň 1300-den gowrak görnüşler ýüze çykarylypdyr we şolardan 800-den gowragy goraghananyň çäklerinde ösýär. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2011ý.) girizilen ösümliklerden 34 görnüşi goraghanada duş gelýär.
Oňurgasyz jandarlaryň 2500 töweregi, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2, süýrenijileriň 37, süýdemdirijileriň 52, balyklaryň 6, guşlaryň 302 görnüşi duş gelýär. Oňurgaly haýwanlaryň 30 we oňurgasyzlaryň 17 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.
Goraghananyň tabynlygynda 1 sany çäkli goraghana ýerleşýär.
Sünt-Hasardag çäkli goraghanasy 1990-njy ýylda döredilen – 3800 ga. Ýabany ösümlikleri, nary, hozy we haýwanlary hem-de tebigatyň başky durkuny gorap saklamak hem-de goramak üçin döredilen.