Habarlar we wakalar

  • Baş
  • Habarlar we wakalar
  • Türkiýäniň ilçisiniň metbugat saparlarynyň netijelerinden soň journalistsurnalistler bilen duşuşygy Aşgabatda geçirildi

Türkiýäniň ilçisiniň metbugat saparlarynyň netijelerinden soň journalistsurnalistler bilen duşuşygy Aşgabatda geçirildi

Çap edilen senesi: 24 October 2026 / Görüşler: 492

Şu gün, 2026-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda, Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky Adatdan daşary we Ygtyýarly ilçisi jenap Şener Jebeji Ilçihananyň resmi rezidensiýasynda türkmen metbugat wekilleri bilen tanyşlyk ertirlik naharyny gurnady. Duşuşykda Türkiýede soňky metbugat saparlarynyň netijeleri jemlendi.

Tanyşdyryşlardan soň, jenap Şener Jebeji ilki bilen ertirlik naharynda giň diplomatik karýerasynyň jikme-jiklikleri bilen paýlaşdy. Türkiýäniň Daşary işler ministrliginde 28 ýyl iş tejribesi bolan jenap Jebeji uzak wagtlap Ankarada işledi, şol sanda Merkezi Aziýa sebitindäki meselelere gözegçilik etdi. Onuň halkara zähmet ýolunda Täjigistandaky diplomatik missiýalar, Londonda, Moskwada we Bolgariýada iş, şeýle hem Germaniýadaky Baş konsullygyň dolandyrylyşy girýär. 2026-njy ýylyň 24-nji awgustynda jenap Şener Jebeji resmi taýdan Türkmenistanda Türkiýanyň ilçi wezipesine başlady.

Jenap Şener Jebeji öz çykyşynda aşakdaky meselelere ünsi çekdi:

– 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryndan 4-nji oktýabryna çenli Şanlyurfa howa menzilinde geçirilen TEKNOFEST aviasiýa, kosmos we tehnologiýalar festiwalynyň çäklerinde Türkmenistandan iki žurnalist 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryndan 4-nji oktýabryna çenli Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň ýanyndaky Türkiýäni Ösdürmek Agentligi (TGA) tarapyndan Gaziantepde we Şanlyurfada kabul edildi.

– TGA bilen “Türk howa ýollarynyň” (THY) Aşgabat wekilhanasynyň hyzmatdaşlygynda we Türkiýäniň Turkmenistandaky ilçihanasynyň goldaw bermegi bilen, Türkmenistanda işleýän 10 metbugat wekilinden we Medeniýet we wagyz-nesihat geňeşçisiniň edarasynyň ýerli işgärinden ybarat 11 adamlyk wekiliýet üçin 2026-njy ýylyň 10-14-nji oktýabry aralygynda “Balykesirde we Çanakkalada medeniýet we taryh” atly metbugat saparyny gurnady. Sapar dowamynda žurnalistler Zeýtun ýagy muzeýi, Kaz daglary, Assos gadymy şäheri, Troýa gadymy şäheri, Troýa muzeýi, Çanakkala şehitleriniň ýadygärligi we Gelibolu taryhy zolagy  ýaly iki welaýatyň iň tanymal taryhy we syýahatçylyk ýerlerinde boldular..

– 2026-njy ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda Türkmenistandan Türkiýä gelen myhmanlaryň sany 151 887 adam boldy, bu 2025-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 20,46 göterim köpdür.

– 2025-nji ýylda Türkiýe 64 million myhmany kabul edip, 65,2 milliard dollar umumy girdeji gazandy we syýahatçylyk pudagynda rekord goýdy. 2026-njy ýyl üçin 68 milliard dollarlyk girdeji bilen täze rekorda ýetmek maksat edinilýär.

– 2017-nji ýylda syýahatçylaryň gelmegi boýunça dünýäde 8-nji orny eýeleýän Türkiýe 2024-nji ýylda 4-nji orna çykdy.

– 2023–2026-njy ýyllarda geçirilen 14 kabul ediş maksatnamasynyň çäklerinde Türkiýäniň dürli sebitlerinde jemi 84 adam myhman boldy.

Metbugatyň ýurtlaryň arasyndaky köprüleri berkidýän we dostlugy geljege ugrukdyrýan iň güýçli sütünleriň biridigini nygtan Jebeji, TRT Aşgabat wekilhanasynyň köp ýyllap alyp barýan işleriniň we «TRT Awaz» kanalynyň bütin türki dünýä ugrukdyrylan ýaýlymlarynyň munuň iň gowy mysallarydygyny aýtdy.

Turkmenistandaky ähli döwlet we hususy habar beriş serişdeleri bilen ýakyn we netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde hem artdyrylyp dowam etdirilmegini isleýändiklerini belläp, Jebeji ertirlik naharyny sapary jemlemek we bilelikde ädilip bilinjek täze ädimleri maslahatlaşmak üçin gymmatly mümkinçilik hasaplaýandygyny beýan etdi. Şuňa baglylykda, ol Ilçihananyň metbugat wekillerinden gelip gowuşjak hyzmatdaşlyk teklipleriniň seljermegine açykdygyny we bilelikdäki taslamalarda bilelikde işleşmekden hoşal boljakdygyny nygtady. Çykysyny jemläp, ilçi Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarjak möhüm sammitlere we ýubileýlere taýýarlyk görülýändigini nygtady. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň berk erk-islegine laýyklykda, Ilçihana gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça iki halkyň bähbidine ösdürmek ugrunda işini dowam etdirer.


Berkeli Ataýew.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

[ivory-search 404 "The search form 1355 does not exist"] [ivory-search 404 "The search form 1355 does not exist"]