Habarlar we wakalar

  • Baş
  • Habarlar we wakalar
  • «Tebigy Kuwwat» JBK-sy Gazagystanyň Raýat Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

«Tebigy Kuwwat» JBK-sy Gazagystanyň Raýat Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Çap edilen senesi: 30 May 2026 / Görüşler: 2,644

«Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti» Jemgyýetçilik birleşiginiň kärhanasy «Tebigy Kuwwat» we Edara görnüşindäki taraplarynň «Gazagystan Raýat Bileleşigi» halkara hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama gol çekdiler.

Resminamada Gazagystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň hökümete degişli däl guramalarynyň arasynda jemgyýetçilik we ynsanperwerlik ulgamynda, şol sanda raýat jemgyýetini ösdürmek, bilim, ýaşlar syýasaty, meýletinçilik, jemgyýetçilik diplomatiýasy, bilermenleriň özara gatnaşygy, şeýle hem bilelikdäki çäreleri, taslamalary we özara gyzyklanma döredýän başlangyçlary guramak we durmuşa geçirmek ýaly halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we berkitmek göz öňünde tutulýar.

Banu Ganiýewna Nurgaziýewanyň ýolbaşçylygyndaky Gazagystanyň Raýat Bileleşigi ýurduň 8000-den gowrak täjirçilik däl guramasyna wekilçilik edýän iň uly milli birleşikleriň biridir. Gazagystanyň Raýat Bileleşigi her iki ýylda bir gezek Astanada geçirilýän Gazagystanyň Raýat Forumynyň esasy guramaçylarynyň biridir. Hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekenler şu karara Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda geçirilen iri halkara çärelerine gatnaşanda geldiler:

1. Global Günorta jemgyýetçilik guramalarynyň platformasynyň Baş Assambleýasy, 2026-njy ýylyň 14-nji maýy

2. Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) agza döwletleriniň jemgyýetçilik guramalarynyň 2-nji raýdaşlyk forumy, 2026-njy ýylyň 16-njy maýy

3. 13-nji Bütindünýä şäher forumy (WUF13), 2026-njy ýylyň 17-22-nji maýy.


Berkeli Ataýew.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

[ivory-search 404 "The search form 1355 does not exist"] [ivory-search 404 "The search form 1355 does not exist"]