

«Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi» jemgyýetçilik guramasy 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 24-ne Türkmenistanyň Adalat Ministrliginiň 0103 belgili Şahadatnamany alyp, Türkmenistan çäginde tebigy gurşawy gorap saklamaga jemgyýetçilik hereketini alyp barmak maksady bilen döredildi.
«Türkmenistanyň Tebigaty goramak hakynda» we «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» kanunlaryna hem-de «Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi» JG-nyň Tertipnamasyna laýyklykda fiziki we ýuridiki şahslary guramanyň agzalary bolup bilerler.
Guramanyň maksatlary we wezipeleri:
«Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi» JG-sy Türkmenistanyň tebigatyny we tebigy özboluşlylygyny gorap saklamagyň, daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň wajyplygyny köpçülige wagyz etmegi maksat edinýär. Maksatlaryna ýetmek üçin Gurama aşakdaky wezipeleri amala aşyrýar:
✔ raýatlara ekologiýanyň derwaýys meselelerini düşündirmek bilen olaryň ekologiýa aýawly çemeleşmeginiň derejesini ýokarlandyrmak;
✔ ekologiýanyň möhüm meselelerine ünsi çekip, raýatlaryň arasynda ekologiýa aýawly çemeleşmegiň medenýetini ösdürmek bilen bagly wagyz işlerini alyp barmak;
✔ ýaşlaryň we zenanlaryň arasynda ekologiýa gurşawyny goramaga höwesli meýletinçileriň hünär kämilligini ýokarlandyrmak;
✔ döwletiň daşky gurşawy goramakda alyp barýan syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde ýaş ekolog öwrenjileri we meýletinçileri çekmek;
✔ ekologiýany goramak boýunça dürli çäreleri geçirmek bilen ekologiýa taslamalarynyň düzülmegini we olaryň durmuşa geçirilmegini gazanmak;
✔ sanly ulgamy ulanmak arkaly ekologiýa babatynda maglumat goruny döretmek, onuň hemmeler üçin elýeter bolmagyny gazanmak, bu maglumatlary wagyz – ündew işlerinde peýdalanmak.
Guramanyň başlygy: Ýusupowa Gunça Saparowna.
Habarlaşmak üçin:
📍 Salgysy: Aşgabat şäheri, Berkararlyk etraby, 1958 (Nurmuhammet Andalyp) köçesiniň 334-nji jaýy.
📞: +99312 769167; +99363 376804.
📧 E-poçta: ekohereket2025@gmail.com