Raýat jemgyýeti guramalary

  • Baş
  • JG
  • Türkmenistanyň Ykdysatçylar Birleşmesi

Türkmenistanyň Ykdysatçylar Birleşmesi

Çap edilen senesi: 15 June 2024 / Görüşler: 169

Milli jemgyýetçilik birleşigi “Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesi” 1992-nji ýylda ýurdumyzyň birnäçe belli ykdysatçylarynyň we alymlarynyň başlangyjy boýunça döredildi. Birleşmäniň döredilmeginiň esasy maksady döwletimiziň bazar ykdysadyýetine geçmeginde  ýurdumyzyň hökümetine we ilatyna kömek bermek üçin, dolandyryş edaralarynyň  işgärlerini, ykdysatçylary, hasapçylary, ykdysadyýeti okadýan mugallymlary we alymlary birleşdirmek bolup durdy.

                Bu ileri tutulýan maksadyň çäginde Ykdysatçylar birleşmesi tarapyndan aşakdaky esasy meseleler çözülýar:

– Ykdysadyýeti öwrenmek we çaklamak, maliýe we buhgalterçilik işini kämilleşdirmek boýunça barlag we taslama işlerini guramak;

– Ilaty (ilki bilen, mekdep okuwçylaryny, talyplary we ýaş telekeçileri) bazar ykdysadyýetiniň we işewürligiň esaslaryny okatmagy, şeýle hem, ykdysady işgärleriň, mugallymlaryň we Birleşmäniň agzalarynyň bilimini artdyrmagy guramak we geçirmek; 

– Ykdysatçylar birleşmesi öz işinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, birnäçe halkara guramalar (PROON, UNISEF, Bütindünýä Banky, Ýewropanyň Ösüş we Täzeleniş Banky, USAID) bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2015-nji ýylyň maýynda gaýtadan tassyklanan Tertipnama laýyklykda, Milli jemgyýetçilik birleşigi hökmünde Birleşmäniň dolandyryş organlary dört ýylda bir gezekden az geçirilmeýän Umumy ýygnagy we Birleşmäniň Prezidiumy bolup durýarlar.

Türkmenistanyň görnükli prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerini ýerine ýetirip, guramamyz ýurduň ykdysady we jemgyýetçilik üstünliklerini halkara we milli metbugatda beýan etmek ugrunda işjeň işleýär. Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesi 1997-nji ýyldan bäri, BMG-da akkreditlenen Halkara ykdysatçylar birleşmesiniň agzasy bolup durýar, we bu guramanyň işine işjeň gatnaşýar. 2008-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesi Ýewraziýanyň sertifikatlaşdyrylan buhgalterleriniň we auditorlarynyň geňeşine girdi we halkara sertifikatly buhgalterleri taýýarlamagyň üstünde işleýär. 2016-njy ýyldan bäri  Ykdysatçylar birleşmesi – Baha kesmek işi boýunça hünärmenleriň halkara guramasynyň agzasy. Häzirki wagtda  Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesiniň 760-dan gowrak agzasy bar. Ykdysatçylar birleşmesiniň agzalarynyň içinde döwlet edaralarynyň we hususy kärhanalaryň işgärleri, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary, alymlar, buhgalterler, şol sanda, halkara sertifikatlary bolan,  auditorlar, baha kesijiler we işewürler bar.


Habarlaşmak:


Adres: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň 1972 (Atatýurk) köçesiniň 82-nji jaýy. 
Telefon: +993 68212571, +993 65 056029
Elektron salgysy: yurii.aronskii@gmail.comarslan.omadov@gmail.com.
Web sahypa: http://tyb.com.tm

[ivory-search 404 "The search form 1355 does not exist"] [ivory-search 404 "The search form 1355 does not exist"]