

“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda tebigaty öwrenmäge höwesli çagalary we ýaşlary birleşdirmek, şeýle hem daşky gurşawa hormat goýmak maksady bilen döredildi.
Maksatlary we wezipeleri:
Tebigaty öwrenmäge gyzyklanýan çagalary we ýaşlary birleşdirmek.
Daşky gurşawa hormat goýmaklyga ündemek.
Daşky gurşawy goramak we habarlylygy ösdürmek.
Daşky gurşaw çärelerini, oýunlaryny, ýaryşlaryny, wiktorinalary geçirmek.
Daşky gurşawy goramak pudagynda meýletin hereketleri ösdürmek.
Biziň ugurlarymyz:
Biologiýa:
Ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, gözlegleri geçirmek, ylmy taslamalara gatnaşmak.
Ekologiýa:
Daşky gurşawy öwrenmek, daşky gurşaw çärelerini geçirmek.
Ülkäni öwreniş:
Öz ülkämizi öwrenmek, gezelençleri we syýahatlary guramak.
Işlerimiz:
Ekologiki lagerleri: Tomusky dynç alyşlarynda bu gurama çagalaryň dynç alýan, daşky gurşaw çärelerine, oýunlara, ýaryşlara we wiktorinalara gatnaşýan lagerlerini geçirýär.
Bäsleşikler: Iň oňat ekologiki şygarlar, gaýtadan işlenen materiallardan ýasalan işler, şeýle hem daşky gurşaw meselelerini çözmäge gönükdirilen taslamalaryň bäsleşikleri geçirilýär.
Hyzmatdaşlyk: Gurama bilim edaralary, döwlet edaralary we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.
“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Leýli Şyhmadowa
Habarlaşmak üçin:
Salgy: Türkmenistan, 744000, Aşgabat, Azady köçesi, 61
Telefon: +99361893832
E-poçta: tebigatchy.jemg@gmail.com
Instagram: @yashtebigatchy
https://photos.app.goo.gl/nWmuxTwoKjmXTpQ89
https://photos.app.goo.gl/rRCseQZeduQsUF3s7
https://photos.app.goo.gl/Mx9XV7C48fC9hr9V6
https://photos.app.goo.gl/rQNQ7FKJyaPpzW386








