Habarlar we wakalar

  • Baş
  • Habarlar we wakalar
  • “Ýaş tebigatçy” JG gaýtadan işlenen materiallardan öndürilen önümleriň sergi-bäsleşigini geçirdi

“Ýaş tebigatçy” JG gaýtadan işlenen materiallardan öndürilen önümleriň sergi-bäsleşigini geçirdi

Çap edilen senesi: 23 June 2024 / Görüşler: 860

2024-nji ýylyň 14-nji iýunynda Aşgabatdaky Fransuz institutynda “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy we “Dizaýn plýus” döredijilik birleşigi tarapyndan gaýtadan işlenen materiallardan öndürilen önümleriň sergi-bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşigiň esasy maksady galyndylar meselesine ünsi çekmek, gaýtadan ulanmaga döredijilikli çemeleşmek we gaýtadan ulanylýan materiallaryň çäksiz mümkinçiliklerini görkezmek.

Bäsleşige Türkmenisatanyň dürli künjeklerinden 50 töweregi ýaşaýjy gatnaşdy, olar zerur däl zatlardan: plastik çüýşeler, karton gutular, kagyz, dokma we beýleki ikilenç ulanylmasy mümkin bolan önümlerden döredilen özboluşly we döredijilik eserleri bilen gatnaşdylar.

“Ýaş tebigatçy”, “Dizaýn plýus” guramalaryň wekillerini we daşky gurşaw hünärmenlerini öz içine alýan eminler topary ähli eserlere üns bilen baha berdiler we ýeňijileri birnäçe kategoriýalarda kesgitlediler:

“Iň täzeçilikli iş”

“Iň köptaraplaýyn pikir”

“Iň döredijilikli iş”

“Medeni mirasy gorap saklamaga goşan goşandy üçin”

“Tomaşaçylaryň saýlawy”

Her kategoriýada ýeňijiler diplomlar we ýatdan çykmajak sowgatlar aldylar. Gatnaşanlaryň hemmesine gatnaşanlygy üçin şahadatnamalar berildi.

“Ýaş tebigatçy” guramasynyň başlygy Leýli Şyhmadowa: “Bäsleşigimiziň şeýle uly gyzyklanma döredendigine begenýäris”- diýip belledi. –Bu, adamlaryň daşky gurşaw meselelerine biperwaý garamaýandyklaryny we gereksiz zatlardan täze ikilenç ulanylmasy mümkin bolan önümleri döretmäge taýýardygyny ýene bir gezek subut edýär. Sergi-bäsleşigi döredijiligiň we daşky gurşaw jogapkärçiliginiň hakyky baýramyna öwrüldi. Hakyky eserleriň gereksiz zatlardan hem döredilip bilinjekdigini, daşky gurşawa ideg etmegiň möhümdigini görkezdi. Bu çäräniň daşky gurşaw meseleleri barada habardarlygy ýokarlandyrmaga kömek eder diýip umyt edýäris we Türkmenistandaky Fransuz institutyna beren goldawy we bäsleşigi geçirmek üçin şert döredenligi üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris”.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

[ivory-search 404 "The search form 1355 does not exist"] [ivory-search 404 "The search form 1355 does not exist"]