MAGLUMAT
Türkmenistan boýunça jemi 16 sanydöwlet tebigy çäkli goraghanalar bolup olar aşakdakylardan ybaratdyr:
1. Köpetdag döwlet tebigy goraghanasyna iki sany: Guryhowdan (15 müň ga) we Mäne-Çäçe (60 müň ga) döwlet tebigy çäkli goraghanalar degişlidir.
2.“Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanasyna bir sany: Minara (25 müň ga) döwlet tebigy çäkli goraghana degişlidir.
3. Bathyz döwlet tebigy goraghanasyna üç sany: Çemenabat (26,0 müň ga), Pulhatyn (15,0 müň ga) we Gyzyljar (30,0 müň ga) döwlet tebigy çäkli goraghanalar degişlidir.
4. Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasyna iki sany: Şasenem (109,0 müň ga), Sarygamyş (541,5 müň ga) döwlet tebigy çäkli goraghanalar degişlidir.
5. Amyderýa döwlet tebigy goraghanasyna bir sany: Kelif (103 müň ga) döwlet tebigy çäkli goraghanasy degişlidir.
6. Repetek döwlet biosfera goraghanasyna bir sany: Ýerajy (30,0 müň ga) döwlet tebigy çäkli goraghanasy degişlidir.
7. Köýtendag döwlet tebigy goraghanasyna dört sany: Garlyk (40,0 müň ga), Hojapil (31,6 müň ga), Hojaburjybelent (17,6 müň ga), Hojagarawul (16,0 müň ga) döwlet tebigy çäkli goraghanalary degişlidir.
8. Hazar döwlet tebigy goraghanasyna bir sany: Ogurjaly (7,0 müň ga) döwlet tebigy çäkli goraghanasy degişlidir.
9. Sünt–Hasardag döwlet tebigy goraghanasyna bir sany: Sünt–Hasardag (3,8 müň ga) döwlet tebigy çäkli goraghanasy degişlidir.
Döwlet tebigy goraghanalaryň döredilmeginiň esasy maksady: haýwanat we ösümlik dünýäsiniň genetik fonduny, meňzeş we täsin ekologik hem-de geologik ulgamlaryny we landşaftlary aýap saklamak we öwrenmek, tebigy prosesleriň we hadysalaryň tebigy akymyny üpjün etmek üçin şertleri döretmek, daşky gurşawy goramagyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak maksady bilen döredilýän aýratyn goralýan tebigy ýerlerdir (“Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda” Türkmenistanyň kanuny, 20-nji madda).
Döwlet tebigy goraghanalaryň işiniň esasy ugurlaryna şular degişlidir:
1) döwlet tebigy goraghanasynyň bütin tebigy toplumyny tebigy ýagdaýda saklamak arkaly biologik we genetik köpdürlüligi goramagyň we aýap saklamagyň düzgünini üpjün etmek;
2) Tebigatyň ýyl ýazgysyny ýöretmek;
3) ylmy barlaglary geçirmek, tebigy serişdeleriň goragyny we peýdalanylyşyny kämilleşdirmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan maslahatlary taýýarlamak;
4) döwlet tebigy goraghanasynyň ekologik ulgamyna ýaramaz täsir edip biljek hojalyk we beýleki obýektleriň taslamalarynyň we ýerleşdiriş shemalarynyň döwlet ekologik seljermesine gatnaşmak;
5) tebigaty goramak we goraghana işi babatda ylmy işgärleriň we hünärmenleriň taýýarlanylmagyna ýardam etmek;
6) ekologik aň-bilim işini geçirmek (“Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda” Türkmenistanyň kanuny, 21-nji madda).